Read the Beforeitsnews.com story here. Advertise at Before It's News here.
Profile image
By Patriarchate of Moscow and All Russia (Reporter)
Contributor profile | More stories
Story Views
Now:
Last hour:
Last 24 hours:
Total:

Moskwanyň we bütin Russiýanyň Patriarhy KIRILLIŇ Rus Prawoslaw Buthanasynyň arhipastyrlaryna, pastyrlaryna, monahlyk kabul edenlere we ähli dindar adamlara

% of readers think this story is Fact. Add your two cents.


Hudaýy söýýän arhipastyrlar, ählihalal preswiterler we diakonlar,

inoklar we inokinýalar, gadyrly doganlar we uýalar!

Hudaýa şükürlik bilen tüýs ýüregimden siziň ähliňize beýik we halas ediji habary ýetirýärin:

HRISTOS DIRELDI!

Buthana ýyl-ýyldan şu Pasha ýüzlenmesi bilen iki müň ýyl mundan ozal bolup geçen älem-jahan ähmiýetli şol waka şaýatlyk edip gelýär. Şonda ir ertirde uyalar öz Mugallymlarynyň jaýlanan ýerine gelip, tabydyň boşdugyny gördüler. Hristosyň gudratly güýji ölümiň kanunyny ýeňdi. Ol direldi we şonuň bilen ölümiň  ýaşaýşyň soňy däldigini, Hudaýyň güýji bilen ölümi hem ýeňip bolýandygyny   bütin adamzada aýan etdi.

Hristosyň direlmegi, dünýä taryhynda täsin waka bolmak bilen, Hudaýyň emri bilen biziň hem direlmegimiziň başlangyjy boldy. Hut şonuň üçin hem Halas ediji şu dünýä geldi, jebir-jepalary çekdi, haça çüýlendi we her bir adamyň ölülerden direlmegiň tejribesinden geçmegi üçin tabytdan galyp direldi. Bu barada apostol Pawel aýdyň aýdýar: “Hudaý.. bizi hem Öz güýji bilen direlder” (1Kor. 6, 14).

Hut şonuň üçinem Pasha baýramy ýaşaýşyň ölümden ýeňmeginiň baýramydyr, çünki Halas ediji Hristosyň Direlmegi bilen ölülerden direlmek bize-de peşgeş berlendir. Ýerdäki durmuşyň haýsydyr bir kynçylyklar, haýsydyr bir synaglar başymyzdan geçse-de, ruhy güýji bolmazdan, biziň geljegimiz  barada aýtmaga synanyşýanlar haýsydyr bir elhenç zatlar barada bizi gorkuzsalar-da,   biziň dünýä baradaky garaýşymyz parahat we şatlykly bolmalydyr, çünki Hristos direldi!

Keramatly Russiýada Pasha baýramy hemişe iň ajaýyp we röwşen baýram bolup durýar. Soňky onýyllykda bu baýramçylyk köpsanly öýlere we maşgalalara ýene-de gaýdyp geldi. Indi bu baýramçylygy ozaldan pasha ýüzlenmesiniň aýdylmadyk ýerlerinde: hassahanalarda we tussaghanalarda, Goşunda we Flotda, hat-da kosmosda hem belleýärler. Şugünki günde Rus dünýäsiniň ýurtlarynda bolup geçýän daşky özgertmeleriň esasynda adam ruhunyň hakykat ýüzünde galkynmagyny, Hristosyň Direlmeginiň begenji her bir adamyň ýüregini doldurmagyny, Hudaýyň söýgi şamçyragy bilen diňe bir biziň ýakynlarymyzyň we dogan-garyndaşlarymyzyň ýüreklerine däl-de, eýsem ybadathana baryp bilmeýän garrylaryň, hassalaryň we hossarsyz adamlaryň hem ýüreklerine ýylylyk çaýmagyny Hudaýdan dileýäris.

Hristosyň direlmeginiň üsti bilen dindar adam halal we Hudaýyň dini wesýetleri we parzlary boýunça, ýagny rehimli we mähirli, halal we adamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolup, olar bilen begençlerini we gynançlaryny deň paýlaşyp bilýän adam bolup ýaşamak üçin ýokardan peşgeş berilýän bereketli güýje galtaşmaga mümkinçilik alýar.

Ýakynlar babatda şu hristiançylyk gatnaşyklarymyz öz ýurdumyz, öz halkymyz, öz maşgalamyz we öýümiz baradaky aladany hem öz içine alýar. Müdimi ruhy gymmatlyklaryň ileri tutulmagyny wagyz etmek bilen, Buthana öz adamlaryna Hudaý gudraty bilen döredilen wagtlaýyn, emma hakyky gymmatlyklara: bizi gurşap alýan tebigata, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy döreden baý medeni mirasa örän yhlasly garamaga çagyrýar. Prowoslawçylygyň ruhy hazynalarynyň we däp-dessurlarynyň aýap goramaklyk özüňi, öz içki dünýäňi işjeň özgertmekden, şeýle hem bizi gurşap alýan dünýäniň gözelligini we sazlaşygyny gorap saklamakdan we adamyň betnebisligi bilen derbi-dagyn edilen  ýerleri dikeltmekden ybaratdyr. Munuň özi hristian adamyň  borjy we jogapkärçiligidir.

Hudaý bizden gaty kyn edermenligi talap etmeýär. Her bir adamyň ruhuna ýüzlenmek bilen, Ol şu sözler bilen ýene we ýeneden ýüzlenýär: “Ähli jebir-jepa we kynçylyk çekýänler  Meniň ýanyma geliň we Men sizi köşeşdirerin; meniň zulum-sütemimi özüňize alyň we Menden öwreniň, çünki Men sada we akýürekli, siz öz ruhuňyza rahatlyk taparsyňyz; çünki meniň jebir-jepalarym Meniň bähbidimdir we Meniň zulum-sütemlerim ýeňillikdir” (Mf. 11, 28-30).       Hudaýyň biziň üstümize ýükleýän kynçylyklarynyň nähili bähbitli we aňsatdygyny duýmak we oňa düşünmek üçin öz ýakynlaryňyza we kesekileriňize ýagşylyk etmegi öwrenmek gerek. Bu tälimde diňe ilkinji ädimler: wagtynda özüňe erk edip, gödeklige gödeklik, ýamana ýamanlyk, aldawa aldawlyk, ýazgarmaklyga ýazgarmaklyk bilen jogap bermekden saklanmak  kyndyr. Öýde, işde, Buthanada ýa-da goňşular we tanyşlar bilen gatnaşyklarda bir adama haýyr beren dogry we halal hereketden kanagatlanma duýgysyny başdan geçirmekden gowy zat ýokdur. Eger akýürekden edilen haýyrly  işler siziň durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýan bolsa, bu kanagatlanma duýgusy ruhuň şatlykly we ruhubelent ýagdaýyna geçmäge ukyplydyr. Diňe şonda biz öz eýän haýyrly işlerimiz bilen jemgyýetçiligiň abadançylygynyň arasynda aýrylmaz arabaglanyşygyň bardygyna akyl ýetiermek bilen, jemgyýetçilik durmuşynda gowluga tarap özgertmeleri duýarys.

Biziň hem şahsy hem-de kär-hünär we jemgyýetçilik babatdaky hereketlerimiziň Ýewangeliýadaky delillendirilmegi biziň özümizi we daşky dünýäni düýpli üýtgetmäge ukyply.

“Goý, Hudaý direlsin we  ähli ýaramazlyklar ýok bolsun!” – diýip biz şu ýagty şöhleli gijede ýüzlenýäris.  Goý Hudaý biziň ýüreklerimizde direlsin we ýalanlyk, duşmanlyk, gahar-gazap, zorluklar we durmuşymyzdaky ähli nogsanlyklar ýok bolsun.

Siziň ähliňizi Mukaddes Pasha baýramy bilen gutlaýarys. Hakykatdan hem Direlen Hydaýyň kömegi we ak patasy bilen, goý, biziň her birimiziň Buthananyň hatyrasyna, biziň ýaşaýan ýurtlarymyzyň hatyrasyna, ýakyndakylarymyzyň we uzakdakylarymyzyp hatyrasyna mundan beýläkdäki işlerimizde hemişe rowaçlyk ýaran bolsun. Omyn.

Moskwanyň we bütin Russiýanyň Patriarhy

Moskwa,

Hristowyň pashasy

2011ý.

Read more at Patriarchate of Moscow and All Russia



Before It’s News® is a community of individuals who report on what’s going on around them, from all around the world.

Anyone can join.
Anyone can contribute.
Anyone can become informed about their world.

"United We Stand" Click Here To Create Your Personal Citizen Journalist Account Today, Be Sure To Invite Your Friends.

Please Help Support BeforeitsNews by trying our Natural Health Products below!


Order by Phone at 888-809-8385 or online at https://mitocopper.com M - F 9am to 5pm EST

Order by Phone at 866-388-7003 or online at https://www.herbanomic.com M - F 9am to 5pm EST

Order by Phone at 866-388-7003 or online at https://www.herbanomics.com M - F 9am to 5pm EST


Humic & Fulvic Trace Minerals Complex - Nature's most important supplement! Vivid Dreams again!

HNEX HydroNano EXtracellular Water - Improve immune system health and reduce inflammation.

Ultimate Clinical Potency Curcumin - Natural pain relief, reduce inflammation and so much more.

MitoCopper - Bioavailable Copper destroys pathogens and gives you more energy. (See Blood Video)

Oxy Powder - Natural Colon Cleanser!  Cleans out toxic buildup with oxygen!

Nascent Iodine - Promotes detoxification, mental focus and thyroid health.

Smart Meter Cover -  Reduces Smart Meter radiation by 96%! (See Video).

Report abuse

    Comments

    Your Comments
    Question   Razz  Sad   Evil  Exclaim  Smile  Redface  Biggrin  Surprised  Eek   Confused   Cool  LOL   Mad   Twisted  Rolleyes   Wink  Idea  Arrow  Neutral  Cry   Mr. Green

    MOST RECENT
    Load more ...

    SignUp

    Login

    Newsletter

    Email this story
    Email this story

    If you really want to ban this commenter, please write down the reason:

    If you really want to disable all recommended stories, click on OK button. After that, you will be redirect to your options page.